RUHUŇ ÖZÜŇDE BOLSUN!

     Bu waka henizem gowy ýadymda. Öýlän sagat ikide kakam işden gelýär. Elindäki zatlary eýwandaky stoluň üstünde goýanyndan soňra öz otagyna girýär we birsellem demini dürseýär, irkilýär. Öýle nahary taýýar bolanda, ejem ony ukudan oýarýar. Nahar iýeninden soňra ol gazetlere azrak göz gezdirýär. Käwagtlar çaýyň lezzetini alyp, telewizora tomaşa edýär. Garaňky gatlyşandan soňra dostlary bilen gümür-ýamyr etmek üçin gidýär we ýatar wagtlary öýe dolanýar. Ol irden oýanmak we endik eden gününi täzeden gaýtalamak üçin uka batýar. Şonda-da olar dünýä, durmuş hakda özlerine ýeterlik zatlary bilýärdiler we özlerine agram salmazdan, döwran sürýärdiler. Ynsan ähli argynlygyny, jyrlap goýmaýan el telefonyny, yşyjaklary ýanyp-öçüp duran elektron poçtasyny unudyp, rahat dem-dynç alyp bilermi? Durmuşyň hakyky mazasyny duýup bilermi? Nädip ýaşaýyşdan lezzet alyp biler? Munuň çykalgasyny dessine aýdarsyňyz: has gowy ýaşamak üçin ylgamaly, yhlas etmeli, irginsiz zähmet çekmeli diýersiňiz. Köplenç we gaýta-gaýta ýatlaýan bir jümlämizi hem suňşuryp galarsyňyz: «Ýogsam-da, elimizden başga näme gelýär?» Nebis islegleri hakyky isleglerden öňe geçende, ynsan bu zynatly dünýäniň guluna öwrülip galýar – rahatlygyny we gaýry hemme zadyny üpjün durmuşyň hyzmatyna gönükdirýär. Doýmaz-dolmazlygy zerarly ähli zadyň öz penjesine ýygnanmagyny isleýär. Elindäki hemme zady pida edip, öňküdenem has köp zady gazanmaga çalyşýar. Bahasynyň örän ýokarydygyna, galadygyna garamazdan, onuň ahyrynda peýdasynyň bolup-bolmajakdygyna üns bermezden, hemme zady holtumyna sygdyrmak isleýär. Hamana, teninde ruhy gaýyp bolup, oňa derek diňe nebis ornaşan ýaly bolup dur. Onsoň barha işdäňi açýan dünýä eşretine gözüňi ýumup – baryňa kanagat edip, uludan rahat demiňi almak çetin zada öwrüliberýär. Biz nebse gyzygyp, ruhuň isleglerini unudypdyrys. Ruhuň göwnüni görmegi arka zyňypdyrys. Käteler dälize çykyp ýa-da penjireden daş-töweregi, tebigaty synlap, bu gözellikler, barlyklar hakynda oýlanyp, pikirlenip, tomsuň gijeki salkynlygyndan lezzet alyp bolar ahyry... şeýtmek bilen biz ruhumyzy ýokary göterjek maşklary ýerine ýetirýäris. Ruhumyz gowşak ýa-da ýorgun bolsa, onda süňňümiz ondan birnäçe esse argyn we tapsyz zada öwrüler. Adamlaryň biri gözleg-agtaryş işlerini geçirmek üçin birnäçe işçini hakyna tutup, ýola düşüpdir. Derrew maksatlaryna ýetseler, olara esse-esse hak tölejekdigini wada beripdir. Aljak haklaryny göz öňüne getirip, işçiler arabany we ähli ýükleri çekip başlapdyrlar. Ýöne birnäçe sagatdan soňra olaryň ählisi uludan dem alyp, daljygyp, ýere ýykylypdyrlar. Gözlegçi adam olara has artyk, öňküden-de artyk baýlyk, pul, sylag bilen höweslendirmäge çalşypdyr. Emma bu hoşamaý wadalar hem olary gurbatyna getirmändir: «Hojaýyn, biz başda ýola düşenimizde hiç bir maksatsyz, hiç bir pikirsiz girişipdiris. Indi ruhumyz özümize dolanýança biraz dynç almakdan başga çärämiz ýok» diýipdirler. Beýik maksatlar üçin uly nebis däl-de, sagdyn we gaýratly ruh gerek. Haçan özümize gelip bileris, haçan batyl düşünjeleri döredýän düýşlerden oýanyp bileris? Haçan gaýratymyza galyp, öz ýagdaýymyza hem göz aýlarys... durmuş hakdaky garaýyşlarymyza üýtgeşiklik girizeris... haçan gerek ýerinde dynç alyp, gerek ýerinde öňe ýöräris... Mahlasy, özüňe, ruhuňa rahatlyk bermezden, diňe nebis çarpaýyna atlanmak, bedew bolup çapýan durmuşyň yzyndan pyýada kowalap ýetjek bolmakdyr. Tutuşlaýyn tutup bolmaýan dünýäniň yzyndan at salmakdyr. Arzuwlar hiç mahal hem tükenmeýär. Dünýä durmuşyndaky wakalar, aý-günler, döwürler bu hakykaty bize gaýta-gaýta ýaňzydýar, emma biz oňa gulak asamzok: ähli arzuwlaryny hasyl eden we dünýäden geregini kämil alan hiç kim ýokdur. Arzuw etmeli, öňüňde beýik maksat goýmaly. Köp işlemek bilen netijeli işlemegiň arasyndaky parha, tapawuda akyl ýetirmeli. Dünýäniň, durmuşyň gözelliginden üzňe bolmazlyk hem-de ruhumyzyň özümize ýadyrgamazlygy üçin gerek ýerinde nepesimizi dürsemek, dem-dynç almak hökmandyr.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR