Ussatlyk talap etmeýän ugur sungat derejesinde ýokary göterilmeýär. Döwür bilen deň ýaşasy gelýän islendik sungat bolsa, elmydama täzeçilligiň, gözelligiň, kamilligiň gözleginde bolmaly. Ýogsam, göwresi gaba bolsa-da, aňy ösmändigi zerarly ýer ýüzünden ýitip giden äpet dinozawrlar ýaly, ukybyň-zehiniň, abraýyň-şanyň kem-kemden ýok bolup gidýär. Bu tebigatyň kanuny, ýaşaýyşyň, ösüşiň talabydyr. Ýaşaýyşa ukyply pikirler, täzeçe röwüş tapyp bilýän garaýyşlar, taraşlansa ulanyp bolýan tapyndylar bolsa döwür bilen des-deň gadam basyp, ýene-de öz ömrüne ömür goşýar. Islendik ugur, sungat, hünär şo-ol gadymdan bäri edil biziň şu günümizdäki ýaly, asyl we ýasama, çyn we ýalan, hakyky we galp diýen toparlara bölünýär. Biz, elmydama hakykatyň üstündigine ynanýarys. Sebäbi, hakykatyň hossary Hakdyr, Hudaýdyr. Emma, ýoň bolup galan galp ýasamak, bildirmän göçürmek ýaly zatlar hem indi sungat derejesine ýetdi. Olary diňe kämilleşdirmek galdy. Bu islendik ugurdaky adama degişli. Ýazyjy-şahyr, bagşy-sazanda, alym-talyp, oýlap tapyjy adamlar-a has-da şu iki ugurdan birine eýerýär: Olaryň käbiri dörediji, käbiri göçüri adamlar bolup çykýar. Döredijilik we göçürijilik: Adam elmydama öz işine döredijilikli çemeleşmeli. Diňe ýalta adamlar ondan-mundan pikir ogurlap, şol durşuna berýär. 210 Dörediji adamlar her bir görýän zadyndan, hut tebigatyň özünden nusga alýarlar. Olar bu barlygyň sözsüz aýdýan, ümsüz mälim edýän zatlaryny dürli ýazgylaryň, ajaýyp setirleriň, suratdyr nagyşlaryň, aýdymdyr-sazlaryň üsti bilen ile-güne ýetirýärler. Köňli ylhamdan püre-pür, ýüregi joşgunly, niýeti päk adamlaryň her bir el uran işi hem bereketli bolýar, hem-de her okana, synlana, diňläne bereket ýokdurýar. Bu hem tebigatyň kanuny. Ine, şeýle ýazgylary okanyňda, suratlary synlanyňda, aýdymdyr-sazlary diňläniňde seniň dünýäňdäki ýaşaýyşa bolan uçgunlar oda öwrülýär, dünýä gözelliginiň hakyky görküni duýýaň, jennet gülleriniň ysyny alýaň. Ýaşadygyňsaýy ýaşasyň gelýär. Hat-da ol ýerde milli we dini, ýokary we pes diýen hiç hili bölünişik hem ýok. Gaýta, ol zatlar seniň kimdigiňe garamazdan, seniň ýüregiňde halallyga, päklige, ýagşylyga bolan höwesiňi oýarýar. Öň bar bolsa, has-da berkidýär. Kalbyňda kök urup başlan ynamsyzlyk, müňkürlik, göwnüçökgünlik ýaly ýene birnäçe ýaramaz zatlary ýuwup aýyrýar. Özem munuň üçin zäheri ýuwlup aýrylan ýylan ýaly, ol deňze, ol dünýä ýyllap çümmegem gerek däl. Hakyky sungat eseri bir pursatda, göz ýumup-açasy salymda täsir edýär. Şonuň üçinem oňa «sungat» diýilýär. Sungat sözüniň bolsa «döredijilik» diýmekdigini bu ugurda işleýän-u işlemeýän her bir adam bilýär. Ýöne, gülüň degresindäki tiken, gülüň görküni kemmeýär, gaýta tikenli güller has görkli ýaly bolup dur. Belki ol bize güllere seresap çemeleşmelidigini ýatladýandyr. Hat-da görksüz adamyň ajaýyp sungat eseri, işi, amaly, ähli görklüni özüne kökerip goýýar. Döredijilik adamlary elmydama oňat zatlary döretmegiň, täze pikirleri tapmagyň we olary owadan, ýerlikli, jaýdar jümleler bilen utgaşdyrmagyň ugrunda gezmeli. Bu babatda janly tebigatyň özi biz üçin uly nusgalyk, uly halypa. Barha kämilleşip barýan tutuş adamzat dünýäsi 211 özüniň öňki bilmeýän zatlaryny hut tebigatdan öwrendi. Özem köpüsini deňeşdirme, meňzetme usuly bilen kemala getirdi. Durmuş hadysalarynyň şatlygyny-gamyny tebigy hadysalaryň yssysy-sowugy bilen deňedi. Ýar jemalyny wasp etmekçi bolanda, dodagyny pissä, gabagyny badama, ýaňagyny nara, alkymyny ak gara ýa-da dury üzüme, ak dişlerini hünjä, kirpigini oka, gaşyny aýa ogşatdy. Özem bu sözleri, bu taryplary, wasplary suwjuklyk bilen beýan etmedi, hantamalyk bilen düzmedi, ýazanda ýüreginden ýazdy, içki joşgunyny iline-gününe ýaýdy. Her döwür bir döwür. Ýöne haýsy döwür bolsada arassa döredijilik gazanç çeşmesi bolmaly däldir. Eklenmek üçin hünär öwrenseň gowy. Döredijiligi bolsa iliň-günüň şatlygyny artdyrmak, hesretli gününde teselli bermek, dogry ýola gönükdirmek, ýagşyny ündäp, ýamandan saklamak üçin peýdalanmaly. Şu zatlardan gazanýan sogabyň, belki tamakinlik bilen alýan zadyňdan has gymmatlydyr. Dogrusyny aýtsaň, döredijilirem göçürijiler, ýöne bular tebigatdan ýa-da hut öz aňlaryndan göçürýär. Beýle göçürmeklik aýp zat däl, gaýta aňyň bolup, göçürip bilmeseň aýp. Emma, iliň ýazan her eserinden iki sözlem, iki setir, iki parça ogurlap, üzlem-saplam sepleşdireniňden soňra, aşagyna öz adyňy goýmak, iliň düzen sazyna terslin-oňlyn özüňçe hiňlenmek, düzmedir beýannamalary, diplom işleridir makalalary tapan ýeriňden göçürmek we taraşlaman – ýalňyşy-daňlyşy bilen getirmek – özüňde bar bolan döredijilik ukybynyň barha köremegine, haýallamagyna, soňlugy bilen ýitip gitmegine getirýar. Beýle adamlar edil suwy çekilip, gurap galan guýa meňzeýär. Göçürijilik hem bir sungat. Bu sungatam öz içinde şaha-şaha bölünip gidýär. Ýöne gelşiksiz bolsa-da, ýerliksiz bolmajak bir mysaly aýdalyň: «Siňek gara zada gonsa, pohy ak bolýandyr, ak zada gonsa, gara bolýandyr». Hernäçe bildirmän göçüreniňde hem okumyş il, diňleýji mähelle ilki sözleriňden, ilki sazlaryňdan kimiň heňiniň gelýändigini derrew bilýär. Hat-da, öňdengörüji Nostradamus Müsürden getiren kitabynyň her sahypasyny öz eli bilen göçüreninden soňra, öňki nusgany ýakandygyna garamazdan, onuň eser ogrusydygyny dünýä edebiýatyny öwrenijiler aýdyp durandyr. Bu her bir eseri-ýazgyny ýada aýdymy-sazy şol durşuna, tutuşlygyna göçürýänlere degişli. Elbetde, abraý-şöhrat gowy zat, ýöne öz ukybyň-hünäriň bilen iliňi begendirmek we bu begençden alýan lezzetiň has-da datlydyr. Toýda-tomguda, şagalaň-şüweleňde öň eşitmedik aýdymlaryňy diňläp oturansyň. Aradan hepde geçmez, şol aýdymyň dürli dildäki, dürli sözler bilen doldurylan nusgalaryny diňläp, haýran galýarsyň. Umuman, aýdym-sazyň ýaýraýşy-ha ýagtylygyň tizligine barabar boldy. Köpsanly ajaýyp labyzly, şirin heňli aýdymçylarymyz, ötgür galamly, şeker sözli ýazyjylarymyz, alymlarymyz, talyplarymyz sungat ýa-da ylym işgäri bolman, diňe göçürmek bilen meşgul bolýarlar, dörediji adamlar däl-de, göçüriji adamlar bolup galýarlar. Gelşirip göçürmek we oňa öz kelläňden bir çümmük paýhas goşmak, öňküsinden kämilleşdirmek, boldugyna görä millilige ýugurmak aýyp zat däl. Ýogsam-da, hindi kinolarynda ýaňlanýan onlarça aýdymyň şonçarak nusgasy dürli dillerde, dürli halklarda hem aýdylyp dur. Ýöne, näme üçindir şol aýdym-sazlaryň başyny diňläniňden, «hindi sazy öýdýän» diýdirýär. Megerem, olar öz göçürýän zatlaryna özlerinde bar bolan zatlary mümkinçiligine we mümkingadar çägine çenli goşup-garyp bilýänligidir. Ylym babatda hem şeýle. Eser ýa makala ýazmakçy bolsaň, haýsydyr bir esere salgylanmak aýyp däl. Ol birinjiden seniň köp zatlary okaýandygyňy aňladýar, ikinjiden şeýle pikiri ilki berip bilen adama goýýan hormatyň bolup çykýar. 213 Tutuşlygyna göçürmegiň bir zyýanly ýeri bar. Ol öz üstüňde işlemeýändigiňi aňladýar hem-de özüňde bar bolan ukyp-zehiniň barha öçügsi bolmagyna getirýär. Bolmasa, şolardan hem örän zehinli adamlaryň çykjaklygy ikuçsyz. Döredijiligiňi ösdürmek üçin janly tebigatda köpräk bolmaly. Dört diwaryň arasynda gabalyp oturman, wagt tapdygyňdan seýilgählerde, bagy-bossanlarda gezim etmeli. Tebigatdan näçe daşlaşdygyňsaýy, şonça-da adamyň zehini-aňy kütek bolýar, pikirleniş ukyby pese gaçýar. Hat-da bu babatda maglumatlar ummany bolan Internetiň hem edip biljek peýdasy örän az. Dürli kärdäki, dürli hünärdäki adamlar bilen söhbetdeş bolmaly, iliň pikirini diňlemeli, özüňden goşmaly we kämilleşdirmeli. Öz halkyň üçin döredýän bolsaň, öz halkyňa mahsus artykmaçlyklar bilen ol zatlaryň üstüni ýetirmeli. Özüni döredijilik adamsy saýýan her bir ynsan döretmek bilen meşgul bolmaly, ol göçürjek bolsa öň ýazylan ýa-da düzülen zatdan däl-de, ýokarda ýatlap geçen tebigy zatlarymyzdan göçürmelidir. Döredijilik adamlary her döwrüň tuwagydyr. Geliň, biz öz döwrümizi hakyky döredijilik bilen galkyndyralyň!
RAHMET GYLYJOW,
«17 AÝTMALY HABARYM BAR» KITABYNDAN.