Ir zamanda üç uýa ýaşapdyr. Biri barypýatan işýakmaz ýalta eken. Ikinjisi gyzma, dawaçyl eken. Üçünjisi bolsa akylly, görmegeý hem «elinden dür dökülýän» işeňňir gyz eken.
Bir gezek olaryň gapysyna bir paýtun gelipdir. Uýalar kimiň gelenligini bilmek üçin daş çykypdyrlar. Görseler, bir garry, nätanyş aýal oturanmyşyn.
— Kimsiň? — diýip, gyzlar sorapdyrlar.
— Maňa Täleý mama diýýäler, siziň hem indi bagtyňyz açylyp, durmuşa çykmaly pursadyňyz geldi — diýipdir-de, Täleý mama olary paýtuna mündürip alyp gidipdir.
Olar ilkinji oba baryp ýetipdirler. Görseler, bir ýigit melleginde ýer sürüp ýörenmişin. Edenli, eden işi gelşip duran başarjaň oglanmşyn. Goňşy-golamlaryň hem bejermeli guraly-beýlekisi bolsa, onuň ýanyna ylgar ekenler.
— Ine, seniň maňlaýyňa ýazylan ýigit-ä şu — diýip, Täleý mama uýalaryň ulusyna ýüzlenipdir. Ony şol ýerde goýup, ýollaryny dowam edipdirler.
Ýene bir oba barypdyrlar. Ol obada bir ýigit ýaşaýarmyşyn. Möhümi düşüp, ýüz tutanlaryň hiç raýyny ýykmazmyş. Garaz, gowulykda ile özüni aldyran oglanmyşyn.
— Ine, bu bolsa seniňki — diýip mama uýalaryň ortanjysyna ýüzlenipdir.
Ony bu ýerde galdyryp, ýola rowana bolupdyrlar.
Başga bir oba barypdyrlar. Obanyň çet gyrasynda haraba dönen bir öýüň ýanynda üst-başy gara-gäz bolan bir oglan ezenegini agdyryp oturanmyşyn. Täleý mama paýtuny saklapdyr-da, uýalaryň körpesine ýüzlenip, şeýle diýipdir:
— Ine, bu seniň ýazgydyňdaky ýigit.
— Ony men başyma ýapaýynmy?! Asyllylykda, görk-görmekde, işeňňirlikde näme kem zadym bar? Hanha, uýalaryma-ha gowy ýigitleri tapyp berdiň. Meniň üçin indi mundan gowusy tapylmadymy?
— Başgalary bar-la, ýöne bu görgüli sensiz başyny çaramaz, heläk bolar — diýip Täleý mama uludan dem alypdyr.
Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.