«MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI RUHY HAZYNADYR»

      Şeýle şygar bilen Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda döredijilik we çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi.

      Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy, edebi we taryhy şahsyýetlerimizi, ruhy ahlak gymmatlyklarymyzy giňden dabaralandyrmak babatda berýän tabşyryklaryna laýyklykda ýaşlarda dana şahyr  Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýan edilýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna söýgini artdyrmak, olaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen yglan edilen bu bäsleşik Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bagtyýar talyp ýaşlarynyň arasynda geçirildi.

      Bäsleşik 4 şertden ybarat boldy. Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda oňa gatnaşyjy ýaşlar özleri bilen tanyşdyrdylar. Ikinji şertinde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden bir goşgy ýerine ýetirmek bilen özara bäsleşdiler. Ýaşlaryň dana şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan goşgulary bolsa üçünji şertde ýerine ýetirildi. Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň  dördünji şertinde bagtyýar talyp ýaşlar Pyragynyň terjimehalyna we edebi mirasyna degişli bolan soraglara jogap berdiler.

Turuwbaşdan çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijesinde ýeňijiler yglan edilip, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

20 Sentýabr 2024 | 35 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI

17 Sentýabr 2024 | 84 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 86 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR