ÝAŞLAR SÖHBETDEŞ BOLDYLAR

      Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramaklarynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik taýýarlanyldy. Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen bu söhbetdeşlikde täze taryhy döwürde amala aşyrylan işler, gazanylan üstünlikler, aýratyn-da Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna, Döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparlarynyň çäklerinde garalan meseleler, Türki döwletleriň guramalarynyň 10-njy sammiti, ählihalk bag ekmek dabarasy we beýlekiler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

20 Sentýabr 2024 | 35 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI

17 Sentýabr 2024 | 84 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 86 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR