«BEÝIK AKYLDARYŇ ŞYGYRLARY – TERBIÝEÇILIGIŇ MEKDEBI»

      Şeýle şygar bilen Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi. Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bilelikde guradylar.

      Döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginde oňa gatnaşyjy talyp ýaşlar düzgünnamada beýan edilen 4 şert esasynda bäsleşdiler. Olaryň her biriniň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy, edebi we taryhy şahsyýetlerimizi, ruhy ahlak gymmatlyklarymyzy giňden dabaralandyrmak babatda berýän tabşyryklaryna laýyklykda ýaşlarda dana şahyr  Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýan edilýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna söýgini artdyrmak, olaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek ýaly maksatlar aýdyň açylyp görkezildi. Gyzgalaňly geçen bäsleşikde bagtyýar talyp ýaşlaryň Pyragynyň terjimehalyna we edebi mirasyna degişli bolan soraglara jogap bermekleri hem diýseň gyzykly boldy.

      Turuwbaşdan çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijesinde ýeňijiler yglan edilip, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

20 Sentýabr 2024 | 35 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI

17 Sentýabr 2024 | 84 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 86 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR