ÝAŞLAR – BAGTYÝAR ŞU GÜNIŇ, NURANA GELJEGIŇ EÝELERI

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Arkadag şäherinde bina edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramaklarynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň foýesinde guralan dabarada ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünliklerini beýan edýän ýaşlaryň döredijilik işleri sergilendi.

«Arkadag Serdarly watançy ýaşlar – ýurduň beýik geljegini gurujylar» atly dabarada çykyşlara giň orun berildi. Buýsançly çykyşlarda bellenilişi ýaly,  hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly sepgitleri eýeleýär, belent derejelere ýetýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we dünýäniň ösen tejribelerine, döwrebap ylyma çuňňur aralaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.

 

Döwletimiziň şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde döwrüň ruhuna kybap gelýän Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berilmegi halkymyzyň, ylaýta-da ýaşlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwletlilik we döwrebaplyk ýörelgelerini, gadymy halkymyzyň gurujylyk hem döredijilik sungatyny özüne siňdiren Arkadag şäheri häzirki wagtda gözellik merkezi bolup dünýä dolýar. Bu ýerde müňlerçe ýaş maşgalalar üçin öý-ojaklaryň bina bolmagy, olar üçin iş orunlaryň döredilmegi, ylym-bilim toplumlary, medeniýetli dynç alşyny üpjün etmek üçin döwrebap seýilgähleriň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi bu «akylly» şäheriň ýaşlaryň şäherine öwrülendigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan türkmen ýaşlary häzirki döwürde Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallasy we başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Şeýle hem çykyşlaryň her birinde Berkarar döwleti bina edip, ýaşlary ýagty ertirlere ynam bilen alyp barýan, «Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, Jan Watanym Türkmenistan!» diýip, ýurduň bedew batly ösüşlerinde ýaşlara uly bil baglaýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagy, tutumly işleriniň elmydama rowaç almagy tüýs ýürekden arzuw edildi!

Dabaranyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berlip, olarda ajaýyp ýaşlygyň, mukaddes Watanymyzyň waspy belentden ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary öňdebaryjy ýaşlaryň toý ruhuny has-da belende galdyrdy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Sentýabr 2024 | 35 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI

17 Sentýabr 2024 | 84 okalan

ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

11 Sentýabr 2024 | 86 okalan

HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI DÜŞÜNDIRILÝÄR