2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 16-syna irden Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumy öz işine başlady.
Günüň ikinji ýarymynda forum bölümçelerde dowam etdi. Forum 6 bölümçeden ybarat boldy.
I bölümçe “Sebitdäki Ýaşlaryň Start-up başlangyçlary: durnukly ösüşiň täze paradigmasy" diýlip atlandyryldy. Ony Hytaý Halk Respublikasynyň wekili alyp bardy.
II bölümçe “Energetika howpsuzlygy: ýaşlaryň bilelikdäki başlangyçlarynyň üsti bilen geljege tarap” ady bilen geçirildi. Bölümçäni Gazagystan Respublikasynyň wekili alyp bardy.
III bölümçe “Beýik Ýüpek Ýolunyň özgermegi: adam kapitaly bilim ykdysadyýetiniň esasy hökmünde” ady bilen geçirildi. Bölümçäni Gyrgyz Respublikasynyň wekili alyp bardy.
IV bölümçe “Sebitde durnukly suw deňagramlylygyny üpjün etmekde ýaşlaryň innowasiýalaryň integrasiýasy” ady bilen geçirildi. Bölümçäni Täjigistan Respublikasynyň wekili alyp bardy.
V bölümçe “Beýik Ýüpek Ýolunyň sanly ýollary: tehnologiýalar we innowasiýalar” ady bilen geçirildi. Bölümçäni Türkmenistanyň wekili alyp bardy.
VI bölümçe “Häzirki zaman ýaşlarynyň arasynda durmuş gymmatlyklaryny emele getirmegiň guraly hökmünde sosial ulgamlar” ady bilen geçirildi. Bölümçäni Özbegistan Respublikasynyň wekili alyp bardy.