Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata-watanymyzda ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegi, oňat okamagy, işlemegi, milli ruhumyza mynasyp edep-terbiýe almagy, ýurdumyza wepaly, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bagtyýar ýaşlarymyzyň döredilýän şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak babatdaky tagallalarynyň oňyn netijeleri milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda çekýän döredijilikli zähmetlerinde, döwletimiziň syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklarynda, bilim hem-de ylym dünýäsinde gazanýan üstünliklerinde mynasyp beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli «Ýurdumyzyň röwşen geljegi ýaşlar» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler buýsançly döwrüň eýesi bolan bagtyýar ýaşlaryň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli her bir başlangyçlaryny aýratyn joşgun, uly ruhubelentlik bilen garşylaýandygyny, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan kämil durmuş ýörelgelerini, zähmet däplerini, asylly milli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän ýaşlaryň berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny öňküdenem belende göterýän, ak ertirlerine şugla saçýan beýik tutumlaryň rowaçlyklara beslenmegi üçin ähli ukyp-başarnyklaryny orta goýýandyklary dogrusynda çykyş etdiler. Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler güneşli Diýarymyzyň bagtyýar ýaşlary barada köptaraply aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýdyp, il-ýurt bähbitli beýik tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.