Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ählitaraplaýyn kämil bolup ýetişmekleri baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halky ýurdumyzda bellenilýän her bir senäniň dabarasyny uludan tutýar. Bagtyýarlyga beslenýän ajaýyp günlerimizde ýaşlaryň kämil bilim almaklary, ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilik göreldesi bolsa ýaşlarymyz üçin ajaýyp ýörelgedir. Ýaşlaryň raýat hökmünde kemala gelmegi üçin watançylyk we ruhy-ahlak terbiýesini bermegiň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýaşlaryň arasynda yzygiderli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşyklary geçirilýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň we Balkan welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi. Onda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylym-bilimli, hünärli, watansöýüji, edep-terbiýeli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri barada edilýän aladalar dogrusynda, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde energetika we durmuş düzüminiň täze desgalarynyň ulanylmaga berilmegi hem-de düýbini tutup bermegi barada buýsançly gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar ýaşlar özleri üçin döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin, eşretli we bagtyýar durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
Oguljeren ÇENDIROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.