Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Hallyýewe ýüzlendi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, hukuk tertibini pugtalandyrmakda, milli kanunçylygy we hukuk işini ýokarlandyrmakda, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandygy üçin oňa «Türkmenistanyň at gazanan ýuristi» diýen hormatly adyň dakylandygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Mejlis bilen ylalaşyp, G.Hallyýewiň başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygy wezipesinden boşadylandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine Guwançmyrat Ussanepesow bellenildi hem-de oňa ikinji hünär derejesi berildi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew, adalat ministri B.Muhamedow, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň asuda we bagtly durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.