8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň - Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.
Ilki bilen Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy milli kanunçylygy mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa,
B.Öwezow, M.Meredow, Ş.Durdylyýew, G.Müşşikow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew, Türkmenistanyň dokma senagaty ministri R.Rejebow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow, E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.
2013-nji ýylyň awgustynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere giň ýol açdy.
Ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak, ýaş türkmenistanlylaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelerine hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini has-da ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmek işlenip taýýarlanylan Maksatnamanyň esasy maksatlary bolup durýar.
Maksatnamanyň çäklerinde geçiriljek çäreler öz halkynyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil şahsyýeti kemala getirmäge gönükdiriler.
Ýaşlar syýasatynyň çäklerinde döwletimiziň ýaş nesliň beden we ruhy taýdan ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döretjekdigi, ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy üçin olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalaryny özleşdirmäge ýardam berjekdigi bellenildi.
Şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak hem-de hukuk we durmuş goraglylygy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Iri jemgyýetçilik guramasynyň Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň geljek bäş ýyl üçin Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandygy nygtaldy. Bu resminama geçirilýän işlerde ugur görkeziji bolup hyzmat eder.
“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda möhüm wezipeleriň toplumy göz öňünde tutulýar.
Bu wezipeler ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyga bolan höwesini artdyrmak ýaly wezipelerden ybaratdyr.
Resminamalaryň taslamalarynda ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýakyndan ýardam bermek, ýaşlar babatyndaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu ugurda beýleki döwletleriň tejribesini öwrenmek, obalardaky orta mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek we ýaş maşgalalary goldamak ýaly wezipeler möhüm orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp,
ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, onuň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň, şeýle hem şahsy kämilliginiň doly açylmagy üçin amatly gurşawy döretmegiň aýratyn möhümdigini belledi.
Döwlet ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmaga gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şonuň üçin bu işe jemgyýetçilik guramalary hem-de degişli döwlet edaralary işjeň goşulmalydyr.
Watançylyk hem-de Watana bolan söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny hem-de döwlet syýasatynyň häzirki ugurlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň many-mazmunyny ýaşlaryň aňyna ýetirmek we düşündirmek bilen bagly işlere uly üns bermelidir.
Diňe umumadamzat we milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna çuňňur sarpa goýýan, täze bilimlere ymtylýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bilen, biz geljegimize ynamly seredip bileris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaş raýatlaryna geljekde hem hemmetaraplaýyn goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, beden we ruhy taýdan ösmegi, höwes bildirýän hünärini seçip almagy üçin mümkinçilikleri döretmegiň, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň hem-de olaryň alan bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylym we döredijilik ulgamlarynda ulanmagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle hem bu ulgamda özara tejribe alyşmak hem-de täze bilelikdäki maksatnamalary işläp taýýarlamak üçin halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary, türkmençilik ýoluny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň wajypdygyny nygtap, ýaşlary terbiýelemekde şu ýörelgelerden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň ähmiýeti barada aýdyp, bu işiň ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ruhubelentlik, bilesigelijilik hem-de bilimlere ymtylmak ýaly häsiýetleri kemala getirmäge gönükdirilendigini, munuň ylmyň we bilmiň adamzadyň ösüşiniň esasyny düzüp, islendik döwletiň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýändigini nygtady.
Şu maksat bilen ýurdumyzda döwrebap okuw-tehniki enjamlar, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar. Bu bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de onuň hilini dünýä derejesine ýetirmäge, ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda geçiriljek ähli çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmalydygyny aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maksatnamany makullap, degişli Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi, şeýle hem ony amala aşyrmak boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.