Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edýän «Merdana nesil — 2023» atly şadyýan bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup onuň birinji şertinde türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzyň ýetilen üstünliklerini, ýürek buýsançlaryny gatnaşyjylar çeper sözüň üsti bilen beýan etdiler. Çagalar bäsleşigiň ikinji şerti boýunça ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
«Merdana nesil — 2023» bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan zehinli çagalar — Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Arzuw Tagannurow 1-nji orna, Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Şamyrat Myratjanow 2-nji orna, Gyzylarbat etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Abdulaziz Keljäýew, Gyzylarbat etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Eýup Gurbangeldiýew, Esenguly etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Serdarmämmet Salyhmämmedow 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan ähli okuwçy oglanlar hem höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.