Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Häzirki wagtda Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýuny uly dabara bilen bellemäge taýýarlyk görülýär. Bitaraplyk türkmen ýaşlarynyň ykbalyna baky bagt getirdi. Munuň şeýledigini Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem aýdyň subut edýär. Ine şular dogrusynda hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň gurnamagynda “Ýaşlar bilen röwşen geljege tarap” atly tegelek stoluň başynda söhbetli telegepleşik ýazga geçirildi. Gepleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher, Esenguly, Bereket etrap Geňeşleriniň agzybir işgärleri, işjeň agzalary çykyş edip, olar öz çykyşlarynda ýaşlar syýasaty dogrusynda, ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler babatynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar guramasynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda hem aýdyldy. Gepleşigiň ahyrynda çykyş edenler bütin türkmen halkyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, halkymyzy bagtyýar döwürde ýaşadýan, ösüşlere sary alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize sagbolsunlaryny aýdyp, olaryň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň esasy hünärmeni.