GÜLLEÝÄR, GÜL AÇÝAR, BITARAP WATAN

      Ýaňy-ýakynda şeýle mazmunly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli surat çekmek we sergi boýunça bäsleşik geçirdi. Bäsleşige Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar. Okuwçy ýaşlar bäsleşige hödürlän eserlerinde çeperçilik sungatynyň ähli ugurlary boýunça Bitaraplygyň bize beren miwelerini, bagtyýar eýýamy, owadan we abadan ýurdumyzy ussatlyk bilen wasp edipdirler. Bu çäre ýaşlaryň ýiti zehinlerini ýüze çykarmaga, ösdürmäge hem-de höweslendirmäge gönüden-göni itergi berdi. Ýeňijilere Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

 

Abul HAÝTBAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar