“MERDANA NESIL – 2023” ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ DAŞOGUZ WELAÝAT TAPGYRY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde, Daşoguz şäheriniň “Bagtyýar zaman” medeniýet öýünde “Merdana nesil – 2023” atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyryny geçirdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan eden bäsleşigiň welaýat tapgyryna 2-nji – şäher, etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy oglanlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan oglanlar onuň şertlerine görä, türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen üstünlikleri, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirmek, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik bäsleşijileriň, olaryň janköýerleriniň hem-de tomaşaçylarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.

     Netije-de, 1-nji orna Boldumsaz etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Röwşen Amanow, 2-nji orna Daşoguz şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Halmyrat Dowulow dagylar mynasyp bolup, olar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler hem-de bäsleşigiň jemleýji – döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şadyýan bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşan okuwçylara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar