Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi etrabyň medeniýet bölümi hem-de Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap birleşmesi bilen bilelikde, etrabyň merkezi kitaphanasynda “Ýylyň okyjysy” atly bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi. Onda bu bäsleşigi guraýjy edara-guramalaryň hem-de etrabyň merkezi kitaphanasynyň wekilleri çykyş edip, halkymyzyň ynsanperwerlik gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ene-topraga çäksiz söýgi ruhunda terbiýelenmegi, ylymly-bilimli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi ugrunda edilýän taýsyz tagallalar, döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda etrabyň merkezi kitaphanasynyň okyjylarynyň okyjy kitapçalary seljerildi we degişli sorag-jogaplar alşyldy. Netije-de, 18 ýaşa çenli okyjylaryň arasynda etrabyň 30-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Eldana Ýuldaşewa 1-nji orna, etrabyň 50-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Dürjanaý Goşaýewa 2-nji orna, 18 ýaşdan uly okyjylaryň arasynda etrabyň medeniýet bölüminiň wekili Nurmyrat Aşyrow 1-nji orna, il sylagly ýaşuly Jumabaý Bazarbaýew 2-nji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň etrap tapgyrynyň ýeňijilerine Hormat hatlary gowşuryldy.
Soltanmyrat ALLABERENOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.