Golaýda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň medeniýet öýünde “Türkmen sporty dünýäň ýüzünde” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahata edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler, şeýle-de, ýaşlar gatnaşdylar.
Toý ruhunda geçen dabaraly maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşymyzda bolup geçýän şatlykly wakalar, hoş habarlar dogrusynda söz açylyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine 2023 – 2027-nji ýyllar üçin saýlanylmagynyň taryhy ähmiýetine üns çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, täze taryhy eýýamda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini ýaýbaňlandyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, stadionlar, sport mekdepleri hereket edip, olarda sporta höwesli ýaşlar türgenleşik geçýärler, dürli derejedäki ýaryşlara gatnaşýarlar hem-de Watanymyzyň sport abraýyny belende göterýärler diýip, çykyş edenler buýsanç bilen bellediler.
Dabaraly maslahata gatnaşyjylar ösüş-özgertmelere beslenen taryhy döwrümizde ata Watanymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Joşgunly aýdym-sazly sungat çykyşlary bu çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da belende göterdi.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.