Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyp gyzlarynyň arasynda «Sport – sagdyn döwletiň berk binýady» atly şygary bilen, sportuň dürli görnüşleri boýunça sport bäsleşigini geçirdi. «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýaryşlaryň geçişi talyp gyzlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändiklerinden hem-de yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýandyklaryndan habar berdi. Bäsleşige gatnaşanlara we ýeňiji bolan toparlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şirin HAÝTJANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.