Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry bilen bilelikde, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, «Gülki agşamy» atly aýdym-sazly sahna oýnuny gurady. Oňa Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, talyplar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar hem-de işjeň agzalar gatnaşdylar. Gülki agşamynda teatryň ýaş estrada aýdymçylarynyň we wäşileriniň ussatlyk bilen ýerine ýetiren sahna oýunlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Şeýle dynç alyş çäreleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapyndan yzygiderli guralýar.
Şemşat SÄHETGULYÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.