BITARAPLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANDY

        Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti, Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi hem-de Daşoguz welaýat adalat bölümi bilen bilelikde, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda “Bitaraplyk – baky buýsanjymyz” atly maslahat çäresini geçirdi. Baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününi dabaralandyrmak maksady bilen, geçirilen çärä ony gurnaýjy edara-guramalaryň wekilleri, şeýle-de, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahat duşuşygy “Açyk gapylar” syýasaty, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dost-doganlyk gatnaşyklary, baky Bitaraplygymyzyň ülkämize berýän miweleri, mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy dogrusyndaky täsirli çykyşlara baý boldy.

 

 

Magsat OTUZOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar