2023-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň açylyş dabarasy geçirildi. Klubyň açylyş dabarasyna Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, köpsanly myhmanlar we Lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
“Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň açylyş dabarasy mynasybetli bu ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň, ýurdumyzyň baý dermanlyk ösümlikleriniň we halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Hem-de talyp ýaşlaryndan düzülen “Melhem” aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna, sahna oýunlaryna tomaşa edildi. Soňra ÝUNESKO Klubynyň açylyşy dabaraly maslahat bilen dowam etdi.
Maslahatda çykyş edenler täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli medeni mirasymyzy, ýurdumyzyň ynsan saglygyna şypa berýän baý dermanlyk ösümliklerini öwrenmeklige döredilýän mümkinçilikler, şertler, bu ugurda sagdyn, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmegiň orny, uniwersitetde açylan “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” geljege ÝUNESKO Klubynyň taryhy ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler.
“Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň açylyş dabarasyna we maslahata gatnaşyjylar halkymyzyň we tutuş adamzadyň maddy hem-de medeni mirasyny öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri we ýokary okuw mekdebindäki “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Kluby üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
unesco.gov.tm