MILLI ÝÖRELGE — NESILLERE GÖRELDE

      Asylly däplere eýermek watançylyk we millilik duýgusyny oýarýar. Halkymyzyň mil li buýsanjy bolan gadymy gymmatlyklarymyzy çuňňur öwrenmek we ösdürmek, mede ni mirasymyza hormat goýmak işleri ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýar. Her bir halkyň medeni mirasy, däp-dessurlary, onuň milligini kesgitleýän, nesilden-nesle geçip gelýän gymmatlyklary bolup durýar. Ýaş nesillerimizi millilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda hem netijeli işleriň birnäçesi durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda hem milli medeniýetimizi, sungatymyzy, taryhy we tebigy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, ösdürmek, döwrebap kämilleşdirmek hemde olary tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawy na girizildi. Ata-babalarymyz şöhratly taryhda ajaýyp sungat eserlerini döredipdirler. Medeniýet ynsanlara nähili ýaşamalydygyny öwredýän ylymdyr. Medeniýet, sungat, ruhy baýlyk — barlygy manyly ýaşamagyň ýörelge-ýoly. Döredijilik — özgeleriň aňyny ösdürmäge özüňi bagyşlamak. Bularyň ählisi birleşip, ynsanyň içki dünýäsini baýlaşdyrýan, ruhy iýmit bolup hyzmat edýän kämil eserleriň döremegine esas bolýar. Hut şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz medeniýeti halkyň kalbyna deňeýär. Millilik ýörelgeleriniň ýurdumyzyň baş şäheri bolan mähriban paýtagtymyzyň keşbinde hem özboluşly şöhlelenýändigini aýratyn bellemek gerek. Ak mermerli Aşgabadyň häzirki kämil keşbine syn edeniň de döwrebap şähergurluşyk usullarynyň mil li binagärlik ýörelgeleri bilen ajaýyp sazlaşygyny görmek bolýar. Ahalteke bedewleriniň, edermen alabaýlaryň, türkmen dutarynyň, haly gölleriniň keşbi tutuşlygyna akly ga beslenen paýtagtymyzyň ajaýyp gözelli gi bilen sazlaşykly utgaşyp, halkymyzyň milli buýsanjyny aýdyňlygy bilen beýan edýär. Munuň özi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Goý, halkymyza bagtyýar zamanany peşgeş berýän, ýaş nesillerimiziň aýdyň geljegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

 

«Aşgabat» gazeti.

18.01.2024 ý.

Meňzeş habarlar