Hemişe hemme zat gülala-güllük bolup duranok. Käteler ykbal bizi taplamak üçin birnäçe müşgillikdir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz edýär. Biz bolsa, köplenç, şeýle halatlarda sabyr jylawyny ýazdyryp, durmuşyň boýdan-başa ýadawlykdan, böwetdir päsgelçilikden, ünji-aladadan doludygyny uly sesimiz bilen jar edýäris. Haýsydyr bir meselede özümizi aldandyklaryny bilsek, hile-duzak ysy burnumyza ursa ýa-da özümize gyýa garalandygyna göz ýetirsek, dessine ähli adamzat neslini ýazgarýarys-da, ynsanyýetiň bu zeýilli gapma-garşylyklardan hiç wagt halas bolup bilmejekdigine pugta ynanyp başlaýarys. Öňki ýazan kitaplarymyň birinde böwrümize diň salyp ýaşamagyň wajypdygyny ýatlapdym. Özümizi durmuş wakalaryna aldatmaly däldigini ýaňzydypdym. Büdrän pursadymyz, durmuşyň tutuksy we garma-gürme düşnüksiz bir zatdygyny bahana edip, zeýrenmeli däldigine, daş-töweregimizde diňe aç böri pisint adamlardan doludygyna asla ynanmaly däldigine ünsi çekipdim. Käbir adamlar bizi bir ýa iki ýola aldasa, biz asylsyz düşünjeler, öwzaýy bozuk pikirler, howsala-dowullar bilen özümizi gaýta-gaýta aldaýarys. Bolmadyk we bolmajak zatlar bilen özümizi dowla salmak, şemal ýok ýerinden, başymyzy ýapyrynmak – özümizi aldamakdyr. Boş dowullara gulak gabartma. Böwrüňe diň sal, ynan we eýer. Soňy uly gorka ýazjak was-wasylygyň şinelemegine ýol berme. Bir çäkde durma we kämilleşmegiňi dowam et. Indi men bu ýerde has artykmajyny talap hem towakga etmekçi. Sen hemişe haýyr we mähir-muhabbet medeniýetini ýaýrat. Adamlary begendirmäge çalyş. Hiç wagt olary dünýä we durmuş babatda lapykeçlige salmajak bol. Hiç kesi begendirmeýän, eşidilenden ýüzi gara-ört edip, ýürege agram salýan we gussa donuna büreýän sözler hergiz agzyňdan çykmasyn. Gaýta-gaýta şum habarlary ýetirýän adamlardan bolma. Il-gün seniň agzyňdan diňe ýakymly wakalaryň buşlugyny eşitsin, hatda sözüň artyk gelýän, diňe dymyp oňmaly pursatlarynda hem seniň diliňden diňe umytlara ruhlandyrýan jümleler çyksyn.
Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,
«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.