GOPBAMSYLYK – HELÄK EDÝÄN HÄSIÝET

      Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi doktor Ahmet Züweýlden hakyky alymyň aýratynlyklary we çyn alym bilen alymsumagy nähili tanamalydygyny sorapdyrlar. «Eger-de özüniň beýikdigi, başarnyklydygy, ylymlydygy, asyllydygy hakda söz açýan bolsa, ony diňläbem oturmaň. Çünki hakyky alymlar ylymda bir basgançak ýokary galdygysaýy öňlerinde özleriniň bilmeýän, özlerine düşnüksiz giden bir giňişligiň peýda bolýandygyny görýärler. Melekut äleminiň ýanynda öz bilýänleriniň peşe ganatyça hem ýokdugyna göz ýetirýärler. Ylym we magryfet deňzinde sadaja bir nokatdyklaryna düşünýärler» diýip, ol jogap beripdir. Beýikligiň möhüm esbaplarynyň biri – durmuş mekdebinde hemişe okuwçydygyňy unutmazlyk. Beýiklere mahsus bir häsiýet olar öz bilýän zatlarynyň çäginde hereket edýärler we aň-düşünjeleriniň gurşaýan zatlaryny okap bilmäge ukyply bolýarlar. Jemgyýetiň iň haýyrly adamlarynyň biri – bilýän zadyna asylly amal edýän alymlar. Beýiklige eltýän esasy derwezeleriň biri hem ylym-bilim öwrenmeklik. Öwrenmeli, bilmeli, özleşdirmeli, ýöne hernäçe sowatly bolsaňam, ulumsylyk edip, gaýşaryp ýörmek gelşiksiz. «Ökdeden ökde bar» diýlen sözi hem ýatdan çykarmaly däldir. Öz ýeten derejesi bilen buýsanyp, temegini göge dikýänler, wagtal-wagtal özgeleriň ýanynda gazanan zatlaryny ýatlap oturýanlar, aň ýetiren, öwrenen zatlaryny nygtaýanlar we özi bilen magtanýanlar – olar, aslynda, köňüllerindäki boşlukdan we öz başarnyklaryna ynamsyzlyklaryndan ejir çekýän adamlardyr. Üstesine, olar barlykdaky esasy hakykatdan bihabar adamlar, çünki ylma, hakykata, magryfete doly göz ýetirip bilmek adamzada berlen zat däldir. Diňe Allatagala ylym zerrelerini öwrenmegi öz halan bendesine bagyş eder.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR