«TALYP GÖZELI – 2024» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek “Talyp gözeli – 2024” atly gözellik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlary durýar. Hormatly Prezidentimiziň “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen ajaýyp sözlerini belent wezipe edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli – 2024” atly gözellik bäsleşigini yglan edýär.

 

Bäsleşigiň şertleri:

  1. Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen yglan edilen, 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlygyny açyp görkezmeli (talyp gyzlar öz isleglerine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler, wagty 5 minut).
  2. “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmeli (wagty 10 minut).
  3. “Hünärim bar - hormatym bar”. Bu şertde bäsleşige gatnaşyjy talyp gyzlar özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezmeli (wagty 10-15 minut).

 

     Bellik: Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan 17-30 ýaş aralygyndaky talyp gyzlar gatnaşyp, olaryň her biri öz okaýan ýokary okuw mekdebiniň nyşany bilen çykyş etmeli.

 

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

     Bäsleşik ilki bilen ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde 2024-nji ýylyň 4-25-nji fewraly aralygynda geçiriler. Ýokary okuw mekdepleriniň hersinden ýeňiji bolan, ýagny, 1-nji orny eýelän talyp gyz 2024-nji ýylyň 1-7-nji marty aralygynda kesgitlenen senede paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

     Ýokary okuw mekdepleriniň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklary, şol ýokary okuw mekdebinden bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşjak talyp gyzyň 2 nusgada maglumatlaryny (özi we dogan-garyndaşlary hakyndaky maglumat) we 9х12 ölçegdäki 2 sany suratyny, 2024-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine tabşyrmaly.

     Bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden hem-de bäsleşigi yglan eden taraplaryň wekillerinden ybarat bolan eminler topary döredilip, olar bäsleşigiň her bir şerti üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýarlar. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Goýlan bahalary goşmak arkaly bäsleşigiň ýeňijileri Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bilen mynasyp talyp gözeller yglan ediler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça aýratyn tapawutlananlara hem-de ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Hormat we Minnetdarlyk hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

 

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-55;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-16; 44-84-85;

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi: 44-88-58.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 940 okalan

HINDISTANYŇ GÜLLER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

26 Sentýabr 2024 | 951 okalan

ÝOL ASUDALYGY – IL ABATLYGY

26 Sentýabr 2024 | 950 okalan

SAGLYGYM – BAŞ BAÝLYGYM