Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwalynyň
DÜZGÜNNAMASY
I. Bäsleşigiň maksady
Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanylan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle hem şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, ýaşlaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmegi barada beren öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwalyny yglan edýär.
II. Döredijilik festiwal şu aşakdaky ugurlar boýunça şertlendirilýär:
- Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi (monolog) (5-10 minut)
- Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly, çeper okamak. (5-7 minut)
- Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan halk aýdymyny ýerine ýetirmek. (3-5 minut)
- Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan bir wakany sahnalaşdyrmak. (7-10 minut)
- «Pyragynyň waspy ýaşlaň dilinde» ýaş şahyrlaryň öz goşgusyny çeper okamagy.
- Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wasp edýän edebi-sazly kompozisiýa. (7-10 minut)
III. Döredijilik festiwalyň geçiş tertibi:
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary 2024-nji ýylyň 10-njy fewralyndan 10-njy martyna çenli bije çekmek arkaly öz ýokary okuw mekdebinde döredijilik festiwalyň bellenen ugurlary boýunça höwesjeňler toparlarynyň çykyşlaryny gurnaýarlar. Toparlaryň arasynda has ýokary netijeli çykyşlar 2024-nji ýylyň15-20-nji marty aralygynda döwlet derejesinde geçiriljek döredijilik festiwalynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.
Ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebi özünde geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwalyny hökmany suratda ýazgy edýär we DVD formatly kebşirlenmedik görnüşdäki wideoýazgylary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine bäsleşigiň geçen gününiň ertesi tabşyrýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we jemleýji tapgyrynda geçiriljek döredijilik festiwalyna syn bermek üçin guramaçylar tarapyndan ýörite topar gatnaşarlar.
«Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwalynda ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren ýokary okuw mekdepleriniň talyplar toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşurylar.
Bellik: Çykyşlar berlen wagtdan artyk dowam etse hasaba alynmaýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi:
44-89-99; 44-88-55.