Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemegi bolsa ýaşlara bildirilýän ynamdan nyşandyr.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň we TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda Balkan welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitabynyň baý many-mazmuny, onuň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti, kitabyň bölümleri, ýaşlaryň gazanan üstünlikleri, olar üçin döredilýän giň mümkinçilikler hakynda buýsanç bilen çykyşlar edildi .Şeýle hem, çykyşlaryň her birinde pähim-parasada ýugrulan ajaýyp eserleri bilen nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyldy.
Baýramgül ESENOWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.