Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň gurnamagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti paýhasyndan syzylyp çykan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda, hormatly Prezidentimiziň täze ýylyň öňüsyrasynda mähriban halkymyza ajaýyp sowgady bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gelip gowuşmagy baradaky täsirli gürrüňlere giň orun berildi. Ajaýyp kitapda ýurdumyzy ählitaraplaýyn gülledip ösdürmekde ýaşlaryň mynasyp goşantlary, şeýle hem, gazanan üstünlikleriniň giňişleýin beýan edilendigini belläp, bu eseriň her bir jümlesiniň ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadygy we nusgalyk ýol-ýörelgedigi baradaky buýsançly gürrüňler söhbetdeşligiň many-mazmunyny has-da artdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň indiki belent sepgitlerine ruhlandyryp, hemişelik ýol görkeziji şamçyraga we edep mekdebine öwrüljek şeýle ajaýyp eseri serpaý eden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmeniň döwletlilik ýörelgesini dowam etdirmekde ýaş nesle uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, il bagtyýarlygyna gönükdirilen taryhy tutumlarynyň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.