ŞOWSUZLYGA PER BERME

     Öňüňde belent maksat goýmak we öz geljegiňi şol maksada laýyk meýilleşdirmek, myradyňa muwapyk ýol kartasyny çyzmak her birimize wajyp. Has beýik zatlar hakda göwün ýüwürdip, ýene-de adaty durmuşa endik etmek akyllylyk däl. Wagtyň ählisiniň ownuk-uşak hysyrdylara, dagynyk pikirlere sarp edilmegi, ähmiýetli zada degerli üns berilmezligi bitertip we garma-gürme durmuşdan başga zady bagyş edip bilmez. Öz geljegiňi göz öňüne getirip, ätjek her ädimiňi, geçjek menziliňi öňünden saldarlanyňda, geljekki maksat-hyýallar, meýiller babatda pikir öwreniňde, öňüňden çykjak kösençlikleri, päsgelçilikleri, adatdan daşary ýagdaýlary hem gözden salmagyn. Hemişe hemme ýagdaýa taýyn we taýýarlykly bol – özüňi ýagdaýlara görä sazla, rastla we tapla! Alnyňdan çykjak şeýle ýakymsyz garşylyklaryň iň möhümleriniň, iň agyrlarynyň we iň kynlarynyň biri hem zabun tankytdyr. Şeýle şek-şübheler, inkär etmeler, kinaýa-kemsidilmeler, tankytlar bilen ýüzbe-ýüz bolsaň, bu zatlaryň ählisiniň seniň taplanmagyň üçin ýene bir goşmaça okuwdygyna düşün we ýylgyr-da oň. Bilgeşleýin tankyt ýa-da ýürek agyrtmak üçin atylan oklardan ejizläp, uly sesimiz bilen gykylyk-gopgun turuzmagyň asla hajaty ýok. Üstünlige, abraýa, şöhrata, beýiklige barýan ýollaryňda şonuň ýaly kötellikler köpeliberse hem öňe ýöremegiňi, maksadyňa sary at çapmagy bes etme. Üstünlik beýiklige ymtylýan we öňe okdurylýan adamlara nesip edýär. Ruhy ejiz adamlar bolsa şeýle kynçylyklardan ýaňa lapykeç bolup, bu böwetleri neneňsi geçmelidigi ýa-da nähili çözgüt tapmalydygy hakynda uzakly gije pikir edip geçýär. Saňa aýdasym gelýän bu hakykata düşünýänçäm, özüm hem şol ýollary, böwetleri geçmeli boldum. Ýadyňda sakla: Mertebäňe görä tankydyň bolar! Şonuň üçin hem bize gönügen bu «tankytlardan» goranmak üçin töwerege delmuryp bakmagyň we ýowuz-zabun gepleri dep etmegiň alajyny soramagyň, oňa-muňa ýüz tutmagyň hiç hili wajyplygy ýok. Munuň ýönekeý sebäbi bar – sen ýöremesi kyn ýoly saýlap aldyň. Adaty derejelerden ýokary galmagy, belentde ýöremegi ýüregiňe düwdüň. Temegini Göge dikýän tekepbirler diňe özünden ýokarylary görýändir, şonuň üçin olaryň syýyňdan aslyşmagy adaty hörp. Eger-de sen ýokary galyp saýlanmadyk bolsaň, olar seni görmezdi. Şonda olar gep haltasynyň daňysyny çözüp, tankyt ýaýynyň peýkamlaryny saňa gönükdirip atyp başlar. Maksady – başyň aşak eglip, seniň hem edil özleri ýaly biri bolmagyňy, ýönekeý, adaty ýa-da pes adam bolmagyňy islärler.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR