BAR ZADY BAŞARDY, ÝÖNE AÝNA GARAMADY

     Durmuşda gowy adamlar kän, emma käteler, ine, şeýle adamlara hem gabat gelýärin. Temegi göge dikilgi, gursagy ulumsylykdan, tekepbirlikden, eýmendiriji hondanbärsilikden püre-pür. Şeýle adama setanda-seýranda gabat gelersiň. Ol özünde beýlekileriň görmeýän zadyny görýär. Özüni nogsandyr aýypdan arassa adam edip görkezmek üçin özgelere gara ýöňkemekden hem gaýtmaýar. Onuň ýoldaşy hem, syrdaşy, taýy hem edil özi ýaly – heniz bişmedik arzuw-umytlary şahasyndan öň ýolmaga ýa-da şol şahany şatyrdadyp döwmäge şeýle bir ukyply. Asylly maksada, arassa arzuwa tagna salmagyň uly ýazykdygyndan asla habary ýok. Nirä barsa gözi-garagy hile-pirim üçin amatly ýeri, hatarly meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge oňaýly topragy gözleýär. Özüni aklamak üçin hem ýeterlik we baý gory bar. Ine, şo zeýilli adamlar adamzadyň gerdenindäki agyr ýük we bar görgi-kösençlikleriň hem düýp sebäpkärleri. Adatça, şeýle adamlara «aýna seretmeýänler» ýa-da «aýnada öz ýüzüni görmeýänler» diýlip at berilýär. Eger-de olar birje gezek aýna bakan bolsalar, ilki bilen özleriniň egri eginlerini, gyşyk gadamlaryny, gysby we gyňyr ýüzlerini düzetmelidiklerine düşünerdiler. Öz şowsuzlyklary üçin gaýrylary günäkärläp ýörmezdiler. Eger-de durmuş seni şeýle adamlar bilen ýoldaş bolmaga mübtela eden bolsa, olara üç öwra talagyny ber we gaýdyp golaýyňa getirme, özüňem olaryň ýanynda görünme. Olar seniň arzuwlaryň düýbüne palta urarlar we dünýäni, durmuşy başga keşpde görkezmäge çalşarlar. Şeýle adamlara ýakyn durdugyňça durmuşyňda ajy pursatlar, zakgun zowklar barha artar gider. Arzuw-umytlaryň örüsi daralyp,gözýetimler gysby görner. Özüniň ebedi matamyna şärik eder hem-de seni şol duýgulardan hergiz saplamaz.Iň ähmiýetlisi, şeýle adamlara arka diremekden, olar bilen iş salyşmakdan saklanmak gerek. Olaryň duzagyna düşmezlik üçin edýän hereketleriňe, aýdýan sözleriňe, özüňi alyp barşyňa eserdeň bol! Ýagty dünýäni garaňky, abadan durmuşy haraba edip görkezýän päliýaman adamlardan gönenen ýokdur. Şonuň üçin, käteler özüňi gyrakladylýan ýaly görseň, munuň üçin ýaşaýşa, durmuşa aýyp ýöňkemekden, barmak çommaltmakdan saklanyp, pikirleriňi durla we töweregiňe sagdyn nazar bilen bak. Günleriň saňa biparh, ähmiýetsiz bakýandygy hakda pikirem etme. Käteler tutuş barlygyň özi saňa pitjiň atýan ýaly görner, emma aslynda beýle däldir. Aýna seret we özüňe göz aýla. Özüňden hasap sora. Öz ýalňyşlaryň we säwlikleriň garşysynda mert dur. Büdremejek bol, ýöne her gezek büdräniňde näme sebäpli büdräniňi öwren. Şol ýalňyşy ikinji gezek gaýtalamazlyk üçin näme etmelidiginiň çözgüdini şol wagt tapyp goý. Hemişe ýadyňda bolsun – durmuş biziň göz öňüne getirişimizden has giňdir. Bizden has uludyr. Garaşylmaýan wakalardan doludyr. Muňa garamazdan, ählimiz durmuş bilen dil tapyşmaga, oňa ýaraşykly, sazlaşykly ýaşamaga ukyplydyrys.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY»

Öňki makala

ŞOWSUZLYGA PER BERME

Indiki makala

BARYNDAN LEZZET AL

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR