Köneden gelýän bir adata göwnüm gidensoň, ony esasy durmuş ýörelgäme öwürdim: «Özümde ýok zada ýa-da özümiňki däl zada göz aýlamazlyk hem-de gazanyp bilmejek zadymy küýsemezlik gerek». Hemişe özüme gelişýän lybaslary geýinýärin, özüme kybap donlara bürenýärin. Meni az salymlyk ýokary galdyryp, soňam öňki tebigy ýagdaýyma getirip goýjak towsuşlardan, böküşlerden lezzet almaýaryn. Ulag satyn almak üçin karz alýan dostumdan gaty görýärdim. Ol özüne-de, maşgalasyna-da agyr ýük, urna bolýardy. Oňa: «Öz derejäňde ýaşaber, eliňde bar zatlardan lezzet al, şolaryň hözirini gör. Sen heniz beýle ulag satyn alardan bäş ýyl dagyn ir terpenýärsiň. Heniz gazanmadyk derejäňde ýaşamaga neçün howlugýarsyň?» diýip, nägile bolýardym. Soňra daş-töweregimdäki adamlara göz aýlap, döwrümizde örän köp adamyň öz mümkinçiliklerinden bir ýa-da birnäçe ädim öňde ýöreýändiklerine düşündim. Bir gün meşhur hekimleriň biriniň ömür beýanyny okanymda şeýle wakanyň üstünden bardym. Akylyň goýalyşyp, durmuş wakalaryna siňe-siňe nazar salanyňdan soňra, bu sözleriň manysyna has-da çuň düşünýärsiň. Günleriň birinde bir dananyň ogly elem-tas bolup, ylgap gelipdir: «Kaka, buşluk, bir hoş habar bar, bazarda kilosy bir dinardan hurma satylýan eken. Satyja bir çuwal hurmany aýryp goýmagyny haýyş etdim, pulumy alyp gelýänçäm garaşmagyny soradym...» diýipdir. Dana ýaşuly bu sözlere ýylgyrypdyr we ogluna bakyp: «Şu iki dinary al-da, oňa düşýän zerur zatlary al» diýipdir. Ogly kakasynyň sözlerine geňirgenipdir-de, hiç hili garşylyk görkezmezden, bazara eňipdir. Aradan köp wagt geçmänkä, kakasy ogluny ýanyna çagyrypdyr: «Bu günler bazarda hurmanyň nyrhy näçe boldy?» diýip sorapdyr. Ogly: «Bir kilosy bäş dinara çykdy» diýipdir. Kakasy: «Bar, onda, gitde, bir çuwal hurma getir» diýip, ogluna pul uzadypdyr. Ogly muňa geň galypdyr: «Kaka, seniň bolşuň birgeňsi, hurmaň bahasy bir dinarka almakdan ýüz öwürýäň. Bäş dinarka bolsa göwünjeň satyn alýaň» diýipdir. Kakasy: «Oglum, hurmaň bahasy bir dinarka meniň ýanymda iki dinardan başga pul ýokdy, emma bu wagt pulum kän, gurbum bar, şonuň üçin hem arkaýyn alýaryn» diýipdir. Akyldarlaryň ýöreýän iň dogry durmuş ýörelgesi – zada zar bolmazlyk strategiýasy. Gazanyp bilmeýän, häzirki pursatda ýagdaýyň ýok zady küýsäp, isläp başlasaň, dessine onuň tamasyny hem, pikirini hem kalbyňdan çykar. Diňe şeýtmek bilen ony gazanmak tomaşasyndan we onuň täsirine berilmekden halas bolarsyň. Ýogsam, ýagdaýyň ýok zada gultunyp, gaýta-gaýta ýatlap ýa-da göz gezdirip dursaň, ol seni birahat we ynjalyksyz eder. Köp zatlara ünsüňi jemlemekden sowar. Has ýamany-da, özüňde bar zatlaryň we daş-töweregiňdäki zatlaryň ajaýyplygyny, gözelligini görmekden mahrum bolarsyň, ýakymly zatlaryň gözelligini duýup bilmersiň. Biz isleýän her bir zadymyzy gazanyp bilmeýäris ahyry. Ýöne göwnüň, nebsiň küýseýän ol-bu zatlary hemişe peýda bolar durar. Şunuň ýaly ýagdaýlarda ýüregimizi we ruhumyzy ynjaldyrmak islesek, biz Allanyň beren nygmatlaryna, akyl-ukyplaryna razylykwe kaýyl-kabullyk gözi bilen bakmalydyrys. Şonda biz heniz köp adamlaryň özümizde bar zatlary arzuw edýändiklerine göz ýetireris. Özümiziň nygmat kölünde gulaçlap ýüzýän ynsanlardygymyzy duýarys. Emma näme üçindir biz şeýle ajaýyplyklary duýmaýarys ýa-da olaryň barlygyndan hem bihabar gezýäris. Omar ibn al-Hattab bir dirhem bahasy bolan bir nahary iýmek islese, ony bir ýyl soňa süýşürer eken. Ol nahary hakykatdan hem özüniň iýmek isländigini ýa-da nebsiniň islegidini bilmek üçin şeýder eken.
Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,
«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.