ABRAÝ OWAZY WE ŞÖHRAT ÝYLPYLDYSY

       Şöhratparazlygy ömrüň iň ileri maksadyna öwürmek makullanylmaýan häsiýet. Käbir adamlar diňe şöhrat isleýär, tanymal-meşhur bolasy gelýär. Şöhrat gazanmak üçin ylgaýar, yhlas edýär. Şöhratyň yzynda ýelk ýasaýar. Ol gününi, ömrüni şeýdip geçirer: Şöhrat gazanmak üçin kitap ýazar, göze görünmek üçin köpçüligiň öňünde söz sözlär, kameralary özüne gönükdirmek üçin ýygnanyşyklarda hemişe ortada hem-de üns merkezinde bolmaga çalşar. Ol şeýdip ömür şahadatnamasyna sowukganlylyk bilen goluny goýar we dünýäden öter. Beýik adamlaryň ýörelgesi beýle bolmaýar. Beýikler köpçüligiň arasynda orta çykýan hem bolsa, dürli düşünjeler, akyllar bilen tanyşmak, pikir alyşmak üçin çykýar. Hakykaty sözlemek, gözelligi gözlemek, haýry we ajaýyplygy ýaýratmak üçin çykýar. Kagyza ýazmak üçin bilini egýän bolsa, ýazmakdan maksady akyllara müşgillik döreden zatlary açyklamak, düşünmesi kyn bolan meseleleri düşündirmek üçin ýazýar. Ol parlaklygy, ýagtylygy gözlemeýär, parlaklyk onuň özüni gözleýär. Parlaklygyň, meşhurlygyň özi oňa aşyk. Heý-de sen pikir etdiňmi, ýazyjy Mustafa Sadyk ar-Rafygy «Galamyň ylhamy» atly eserini ýazyp otyrka, oý-pikiri, küýi-hyýaly adamlara görünjek bolmak, şöhrat gazanmakdyr öýdýärmiň?! Filosof we pikirmen adam Seýýid Kutb «Kuranyň saýasynda» atly eserini ýazýarka, öz okyjylaryny, muşdaklaryny haýrana goýmak islegi bilen ýazandyr öýdýärsiňizmi? Professor Abdyl al-Mesiri özüniň «Sion ensiklopediýasy» atly uly göwrümli işini ýazan wagty «Adamlar men hakda näme pikir ederlerkä, maňa näme diýerlerkä?» diýen niýet bilen, özüne şeýle sorag berip ýazandyr öýdýärsiňizmi? Asla beýle pikir etmeýärin... bu beýik ynsanlar özlerine ynanylan beýik wezipäni berjaý etmek üçin hereket edýärler. Olaryň iň beýik maksady: adamlaryň eşitmeli sözlerini aýdyp ýetişmek. Olaryň biri mähelläniň öňünde bir söz sözlär, bu sözler Zeminiň ähli ujuna ýaýylar. Adamlar näme aýdylandygy, näme üçin aýdylandygy, nähili aýdylandygy hakda gürrüňe, söhbede gyzygarlar, bu sözleriň aňyrsynda nähili manylaryň, maksatlaryň ýatandygyny çöşlemäge synanyşarlar. Şeýdip, olaryň at-abraýy ýüreklerde, aňlarda orun alar. Şonuň üçin hem olar hemişe biziň aňlarymyzda, hatyralarymyzda, akyllarymyzda mesgen tutýar. Hatda biziň dünýägaraýşymyz olaryň pikiri bilen gabat gelmeýän hem bolsa, biri-birine çapraz düşýänem bolsa, olaryň käbir pikirlerine bütinleý garşy çyksagam, biz islesek-de, inkär etsek-de, dünýäden ötendiklerine garamazdan, olar özleriniň beýik pikirleri, ideýalary arkaly biz bilen bile ýaşaýarlar.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR