SEÝIT JEMALEDDIN METJIDI: TARYHY MAGLUMATLAR

       Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gadymy Änew şäheriniň adamzat medeniýetiniň gülläp ösen merkezleriniň biridigini nygtady. Bu şäheriň asyrlaryň dowamynda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýän we gadymy döwürlerden bäri tutuş Ýer ýüzünde bellidigini nygtamak bilen degişli ýolbaşçylara Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyzy has içgin we düýpli öwrenmäge giň mümkinçilikleri açýar.

       Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde: «Orta asyrlardan galan Änew şäherinde ata-babalarymyzyň XV asyryň ortalarynda bina eden täsin metjidiniň harabalygy saklanyp galypdyr» diýip, Seýit Jemaleddiniň ýadygärligi baradaky täsin rowaýatlary we ylmy maglumatlary beýan edýär.

       Seýit Jemaleddiniň metjidi täsinligi we owadanlygy bilen göreni haýrana goýupdyr. Metjide degişli gyzykly maglumatlar XIX asyryň syýahatçylarynyň taryha öwrülen ýazgylarynda hem mynasyp beýanyny tapypdyr.

       1887-nji ýylda neşir edilen «Hazar Transpara sebitine syýahat» atly eserde: «1884-nji ýylda Kawkazyň baş serkerdesi şazada A.M.Dondukow-Korsakow Zakaspiý oblastyna baryp gördi. 23-nji aprelde myhmanlar Änewe baranynda, ýerli ýaşulular şazadany çörekdir süýjülikler bilen garşy aldylar. Myhmanlar Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler. Metjidiň öň diwary ajaýyp ussatlyk bilen gök plitkalar bilen örtülipdir. Ýerli ýaşaýjylar tarapyndan hormatlanylýan Seýit Jemaleddiniň guburynyň ýerleşýän ýeri kerpiç bilen örtülendir. Şeýle-de bolsa, metjidiň diwarlarynyň we gümmeziniň köp ýerleri çat açypdyr» diýen maglumatlar saklanýar.

       1889-njy ýylda Merkezi Aziýany aýlanyp gören Eduard Zimmerman: «Metjidiň öň tarapynda biri-birine garşy duran iki ýylan şekillendirilipdir. Gyzyl, gök, ýaşyl we sary reňkler biri-biri bilen garyşyp, reňkleriň sazlaşykly utgaşmasy bilen owadan haly görnüşinde görünýär» diýipdir. Zimmerman bularyň hemmesiniň ýerli suratkeşleriň ussatlygyny görkezýändigini belläpdir.

       E.L.Markow 1892-nji ýylda ýazan makalasynda: «Metjit özüniň äpet arkasy we ajaýyp gümmezi bilen bu könelen şäheri bezeýär» diýip belläpdir.

       Meşhur suratkeş N.Karaziniň 1888-nji ýylda neşir edilen ýatlamasynda metjidiň öň diwardaky ajaýyp nagyşlary bu ýadygärligiň gadymy sungatyň nusgasy bolandygy baradaky belligini miras galdyrypdyr.

       Änew metjidi barada Ýewropa syýahatçylary tarapyndan aýdylan maglumatlar hem gyzyklydyr. Çarlz Marwin 1886-njy ýylda neşir edilen «Merwdäki ruslar» atly ýatlamasynda metjidiň öz golaýynda jaýlanan keramatly adamyň hormatyna gurlandygyny belläpdir. Onuň mazarynyň daş bilen örtülendigi we daş diwar bilen gurşalandygy hakyndaky maglumaty belläpdir.

       1884-nji ýylda neşir edilen «Dürli habarlar» atly işde bolsa 1884-nji ýylyň aprelinde Neapol şazadasy Wiktor Emmanueliň Änewe gelendigi barada maglumat bar. Onda otly bilen syýahat eden şazadanyň Änew menzilinde saklanyp, beýleki myhmanlar bilen Änew metjidini görmäge barandygy barada aýdylýar.

       Gahryman Arkadagymyz bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň milli mirasynyň mertebesi dünýä derejesinde dabaralandyrylýar.

       Goý, milli medeniýetimizi we taryhymyzy düýpli öwrenmekde durmuşa geçirilýän beýik işleriň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Türkmeniň dünýä nusgalyk taryhynyň dostluk, ösüş we parahatçylyk sapaklaryny adamzadyň ýagty geljegine gönükdirmekdäki sahawatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Bahar MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

Indiki makala

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR