Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde halypa şahyrlar we ýazyjylar bilen ýaşlaryň arasynda duşuşyklar yzygiderli guralýar. Şunuň bilen baglylykda, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň gurnamagynda welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew we halypa ýazyjylar bilen ýaş şahyrlaryň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli kärde zähmet çekýän ýaşlar, hususan-da döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dörediji ýaşlar üçin kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda ýazyjy-şahyrlar özleriniň eserlerini okap berdiler we gatnaşyjylar tarapyndan berlen sowallara jogap berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda halypa-şägirtlik ýoluny giňden dabaralandyrmaga, hem-de döredijilik bilen meşgullanmaga, döretmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadygymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.