Ýakynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ähmiýetini ýaşlara düşündirmek, akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen bilelikde Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat duşuşygyny geçirdi.
Geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan şahyryň edebi mirasynyň halk köpçüligine ýetirilmegi, ylmy esasda giňişleýin öwrenilmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada durlup geçildi. Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alyp, onuň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlarynyň ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini uly buýsanç bilen bellediler.
Çykyşlaryň her birinde milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Oguljeren ÇENDIROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.