ZEHINLI ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY

       Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen çuň mazmunly sözlerinden ugur alyp, Watanymyza, merdana halkymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, häzirkizaman ýokary hilli innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, beden we ruhy taýdan sagdyn öňdebaryjy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, hem-de ýiti zehinli ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde, Balkan Lukmançylyk orta okuw mekdebinde, «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda «Zehinli ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly bäsleşik geçirdi.

       Bäsleşik Türkmenistanyň taryhy, Türkmenistanyň jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Kanunçylyk, Sanly ykdysadyýet, Iňlis dili, Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, Ekologiýa ugurlary boýunça geçirildi.

       Bäsleşigiň şertlerine görä, talyplar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen okuw kitaplaryndan hem-de bäsleşigi geçirýän okuw jaýlary tarapyndan Sanly ulgamda taýýarlanan test görnüşli soraglary çözdüler.

       Şeýlelikde, Türkmenistanyň taryhy ugry boýunça 1-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gurbanmämmedowa Azatgül, 2-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Esenowa Amanbike, 3-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Pihiýewa Parawbibi dagylar mynasyp boldular.

       Türkmenistanyň jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary ugry boýunça 1-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Näzgeldiýewa Güljemal, 2-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aşyrow Hudaýberdi, 3-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Garaýewa Hurma dagylar mynasyp boldular.

       Kanunçylyk ugry boýunça 1-nji orna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Gülesenowa Dünýägözel, 2-nji orna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Bazaganow Rahym, 3-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Mämmedowa Bagtyniýaz dagylar mynasyp boldular.

       Sanly ykdysadyýet ugry boýunça 1-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Hajyýewa Aýsoltan, 2-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Bozoganowa Şemşat, 3-nji orna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Aşyrgulyýewa Geňlik dagylar mynasyp boldular.

       Iňlis dili ugry boýunça 1-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gylyjow Süleýman, 2-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Sopyýewa Humaý, 3-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Janmämmedow Guwanç dagylar mynasyp boldular.

       Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy ugry boýunça 1-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Kuwwatmyradow Aýmyrat, 2-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gökjäýew Aýdogdy, 3-nji orna Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Gulamowa Gülistan dagylar mynasyp boldular.

       Ekologiýa ugry boýunça 1-nji orna «Türkmennebit» DK-niň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gurbanowa Aýgözel, 2-nji orna Balkan Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Gurbanowa Ogulşat, 3-nji orna Balkan Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Annamyradow Erkin dagylar mynasyp boldular.

       Bäsleşikde baýrakly orunlary alan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR