EDEBI GÖRELDE – EBEDI ÝÖRELGE

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, Balkanabat şäher Polisiýa bölüminiň, TDMG-nyň Balkan welaýat boýunça müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Balkanabat şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda «Edebi görelde – ebedi ýörelge» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirdi.

      Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen halky terbiýä inçelik bilen çemeleşýär. Ata-babalarymyz öz perzentlerini süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, ynsaply, edep-ekramly, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji edip ýetişdirmek üçin ellerinden gelenini gaýgyrmandyrlar.

      Terbiýäni, esasan hem, görüm-göreldäniň üsti bilen amala aşyrylýandygyna göz ýetiren pederlerimiz «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz», «Atadan gören söwüş saýar, eneden gören supra ýaýar» diýen ýaly ajaýyp nakyllary döredipdirler. Türkmeni nusgawy edebiýatymyzyň ägirtleriniň hem döredijiligine ser salanyňda olaryň döredijiliginiň köp bölegini öwüt-ündew häsiýetli eserleri tutýar. Olaryň miras goýan gymmatlyklary häzirki günde bize beýik nusgalykdyr.

      Şeýle hem çykyşlarda her bir maşgalanyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, nesillerimiziň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan beýik işler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdyldy.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR