Golaýda üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, şeýle hem, ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, öňde goýlan wezipeleri, Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, Balkan welaýat prokuraturasynyň, Balkanabat şäher Polisiýa bölüminiň, Balkan welaýat gümrükhanasynyň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, bilelikde gurnamaklarynda Balkanabat şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmagyň, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegiň, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemegiň, olaryň başlangyçlaryny goldamagyň we höweslendirmegiň ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny aýratyn bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň bagtyýar hem eşretli durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli bolup ýetişmegi, ata-babalarymyzyň nusgalyk watançylyk ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.