Ýakynda Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda saglyk ulgamynda zähmet çekýän lukmanlaryň arasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu geçirilen duşuşykda çykyş edenler, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň gazanan baý tejribelerine esaslanýan kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýänligi barada giňden belläp geçdiler. Şeýle hem, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek hem-de goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bu işleriň hukuk esaslaryny düzýändigi hem-de her ýylyň 1-7-nji sentýabry aralygynda Milli ene süýdi bilen iýmitlendirmek hepdeliginiň geçirilmeginiň bolsa sagdyn nesliň kemala gelmegi babatda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydygy dogrusynda uly buýsanç bilen nygtadylar. Çykyşlaryň ahyrynda, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap hassahanalary, saglyk merkezlerini, şypahanalary gurduryp ulanmaga berýän türkmen halkynyň Milli Lideri lukman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.