“BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNIŇ NESILLERI” ATLY SPORT ÝARYŞY YGLAN EDILDI!

2008-2010-njy ýyllar aralygynda doglan mekdep okuwçylarynyň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri” atly sport ýaryşlaryny geçirmegiň

DÜZGÜNNAMASY

 

I. Ýaryşyň maksady we wezipeleri:

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Türkmenistanda bedenterbiýe we sport arkaly halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmek ýaryşyň esasy maksady bolup durýar.

     Ýaryşyň wezipeleri şulardan ybarat:

  • ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen giňden meşgullanmaklaryny gazanmak, olaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgesini üpjün etmek;
  • ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylaryny sporty söýmek we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň arasynda ruhubelentligi, päkligi, dost-doganlygy berkitmek;
  • ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ýaş zehinleri ýüze çykarmak, güýçli, başarjaň türgenleri saýlap-seçmek we olaryň sport bilen maksatlaýyn meşgullanmaklaryny gazanmak.

 

II. Sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlaryň geçirilýän wagtlary.

     Ýaryş şu Düzgünnama laýyklykda, 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda (Ýaryşyň Tertipnamasy esasynda) ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriniň, sport mekdepleriniň we sport toplumlarynyň degişli sport desgalarynda geçirilýär.

  1. Woleýbol – (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) her toparyň düzümi 12 türgen, 1 tälimçi we 1 emin.
  2. Basketbol – (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) her toparyň düzümi 12 türgen, 1 tälimçi we 1 emin.
  3. Ýeňil atletika – (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) Oglanlar: ylgamak – 100m, estafeta-4x 100m, uzynlygyna bökmek. Gyzlar: 60m, 4x 60m, uzynlygyna bökmek. Her toparyň düzümi 12 adam – 6 oglan we 6 gyz, 1 tälimçi we 1 emin.
  4. Stoluň üstünde oýnalýan tennis – (oglanlar we gyzlar) her toparyň düzümi 2 oglan, 1 gyz, 1 tälimçi we 1 emin.
  5. Erkin göreş – (oglanlar) her toparyň düzümi 10 pälwan, 1 tälimçi we 1 emin bolup, tutluşyklar 38 kg, 41 kg, 44 kg, 48 kg, 52 kg, 57 kg, 62 kg, 68 kg, 75 kg, 85 kg agram derejeleri boýunça geçirilýär.
  6. Grek-rim göreşi – (oglanlar) her toparyň düzümi 10 pälwan, 1 tälimçi we 1 emin bolup, tutluşyklar 38 kg, 41 kg, 44 kg, 48 kg, 52 kg, 57 kg, 62 kg, 68 kg, 75 kg, 85 kg agram derejeleri boýunça geçirilýär.
  7. Dzýudo göreşi – (oglanlar we gyzlar) her toparyň düzümi 16 pälwan (8 gyz, 8 oglan), 1 tälimçi we 1 emin bolup, tutluşyklar gyzlar 40 kg, 44 kg, 48 kg, 52 kg, 57 kg, 60 kg, 70 kg, +70 kg, oglanlar 50 kg, 55 kg, 60 kg, 66 kg, 73 kg, 81 kg, 90 kg, +90 kg agram derejeleri boýunça geçirilýär.
  8. Boks  – (oglanlar) her toparyň düzümi 13 pälwan, 1 tälimçi we 1 emin bolup, tutluşyklar 46 kg, 48 kg, 50 kg, 52 kg, 54 kg, 57 kg, 60 kg, 63 kg, 66 kg, 70 kg, 75 kg, 80 kg, +80 kg agram derejeleri boýunça geçirilýär.

 

III. Ýaryşyň şerti.

     Ýaryşlary guramaçylykly geçirmegiň umumy jogapkärçiligi Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine hem-de sportuň görnüşleri boýunça eminler toparyna tabşyrylýar.

     Ýaryşlar sportuň görnüşleri boýunça hereket edýän halkara düzgünnamalaryna laýyklykda geçirilýär.

     Sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşmak üçin welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň toparlarynyň türgenleri okaýan mekdebinden okaýandygyny kepillendirýän suratly kepilnamasyny we şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasyny emin agzalaryna tabşyrmaly.

     Toparlaryň resmi adamlary we oýunçylary oýun wagty özlerini tertipsiz alyp baran ýagdaýynda, eminiň karary boýunça oýun bes edilip biliner ýa-da topary ýaryşdan aýyrmak hukugy bar.

     Toparlaryň ýolbaşçylary oýnuň eminleriniň hereketine goşulmaga hukugy ýokdur. Olar öz toparynyň oýunçylary üçin doly jogapkärçilik çekýärler.

     Eger-de, sportuň görnüşleri boýunça çykyş edýän toparlar ýaryşyň Düzgünnamasyny bozan ýagdaýynda, olaryň ýaryşa gatnaşmak ýa-da gatnaşmazlyk meselesini çözmek eminler toparyna tabşyrylýar.

     Ýaryşyň dowamynda ýüze çykan mesele boýunça eminler bilen gepleşigi geçirmeklik diňe toparyň wekiline ýa-da ýolbaşçysyna rugsat edilýär.

     Ýaryşa gatnaşyjylar degişliligi boýunça birmeňzeş sport egin-eşiginde ýaryşa goýberilýär.

     Ýaryşlaryň geçirilýän döwründe ýaryşa gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň jemgyýetçilik howpsuzlygy Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

     Ýaryşda sportuň hemme görnüşleri boýunça welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň toparlarynyň çykyşlarynyň netijelerini jemläp, iň köp bal toplan topar ýeňiji diýlip yglan edilýär. Ballaryň deň bolan ýagdaýynda 1, 2, 3-nji orunlary köp eýelän toparlara artykmaçlyk berilýär.

 

IV. Ýaryşyň çykdajylary we ýeňijileri sylaglamak.

     Ýaryşlary geçirmek bilen baglanyşykly çykdajylar: ýaryşa gatnaşmak bilen baglanyşykly ähli çykdajylar sapara ugradýan edara-kärhanalaryň hasabyna amala aşyrylýar.

     Ýaryşlaryň ýeňijilerini Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar  guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglanýarlar.

 

V. Islegnamalary (zaýawka) tabşyrmaklygyň tertibi we möhleti.

     Sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşmak üçin türgenler atma-at (hökmany lukmanyň gözegçiliginden geçirilip, lukmanyň goly we möhüri bilen) tassyklanan sargytnamalaryny emin agzalaryna tabşyrmaly.

     Ýaryşyň Düzgünnamasynyň talaplaryna laýyk gelmeýän garşylyknamalar sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlaryň tamamlanmazyndan öň kabul edilýär. Ýaryş tamamlanandan soň hödürlenen garşylyknamalar kabul edilmeýär.

 

Şu düzgünnama geçiriljek ýaryşlara resmi çakylykdyr.

 

 

2008-2010-njy ýyllar aralygynda doglan mekdep okuwçylarynyň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri” atly sport ýaryşlaryny geçirmegiň

TERTIPNAMASY

 

T/b

Sport ýaryşlarynyň görnüşleri

Geçiriljek ýeri

Geçiriljek senesi

2019-njy ýylyň fewral-mart aýlary

  1.  

Woleýbol (oglanlar we gyzlar)

Aşgabat şäheri we welaýat merkezleri

20-22.02.2024ý.

  1.  

Basketbol (oglanlar we gyzlar)

Aşgabat şäheri we welaýat merkezleri

23-28.02.2024ý.

  1.  

Ýeňil atletika  (oglanlar we gyzlar)

Aşgabat şäheri we welaýat merkezleri

01-02.03.2024ý.

  1.  

Stoluň üstünde oýnalýan tennis (oglanlar we gyzlar)

Aşgabat şäheri we welaýat merkezleri

04-05.03.2024ý.

  1.  

Erkin göreş (oglanlar)

Aşgabat şäheri we welaýat merkezleri

11-12.03.2024ý.

  1.  

Grek-rim göreşi (oglanlar)

Aşgabat şäheri we welaýat merkezleri

12-14.03.2024ý.

  1.  

Dzýudo göreşi (oglanlar we gyzlar)

Aşgabat şäheri we welaýat merkezleri

15-17.03.2024ý.

  1.  

Boks (oglanlar)

Aşgabat şäheri we welaýat merkezleri

18-20.03.2024ý.

 

Bellik: Sportuň görnüşleri boýunça welaýatlarda geçirilýän ýaryşlar welaýatlardaky orta mekdepleriniň, sport mekdepleriniň we sport toplumlarynyň degişli sport desgalarynda geçiriler.

 

Habarlaşmak üçin:

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport

baradaky döwlet komiteti: 39-98-28,

bedenterbiýe.kopc.sportcareler@gmail.com.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2024 | 1077 okalan

KALBYMYZ JOŞ ALÝAR

29 Noýabr 2024 | 451 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 170 okalan

ASUDALYGYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY