ÝAŞLARYŇ DÖREDIJILIGI – ŞU GÜNÜŇ WE GELJEGIŇ OWAZY

       Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli, halypa şahyrlaryň hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň gatnaşmagynda «Bagtyýarlyk ylhamy» atly gepleşigi ýazga geçirdi. Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçirilen gepleşige Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirilen gepleşigi «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew alyp bardy. Gepleşikde Şabat etrabynyň medeniýet bölüminiň işgäri Nurmyrat Aşyrow, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri – Boldumsaz etrabynyň 69-njy orta mekdebiniň mugallymy Mähri Saparmedowa, Köneürgenç etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň mugallymy Oguljennet Begmyradowa, Akdepe etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýbölek Begenjowa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar Watanymyzyň ertirleriniň eýeleri boljak ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly atamyzyň döredijiliginiň tutýan wajyp orny, Pyragynyň ömri we döredijiligi, şeýle-de, şanly ýylymyz babatda giňişleýin bellenip geçildi. Ýaş döredijiler özleriniň Magtymguly atamyza bagyşlap ýazan şygyrlaryny hem-de dürli temalarda ýazan goşgularyny uly ruhubelentlik bilen okap berdiler. Duşuşygyň dowamynda ýaş şahyrlar halypa ýazyjy bilen sorag-jogap alyşdylar.

 

Magsat OTUZOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar