ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY GÖWNI JOŞGUNLY ÝAŞLAR

      Golaýda şeýle ajaýyp şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat häkimligi, Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli döredijilik duşuşygyny geçirdi. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda geçirilen bu duşuşyga bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamynyň wekilleri, ýaş hem-de baýry döredijilik işgärleri, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

      Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Pyragynyň ömri we döredijiligi, ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynda kabul edilen Karara laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagynyň akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolandygy, şahyryň belent adynyň ýylymyzyň şygarynda berkidilmeginiň onuň edebi mirasyny, sarpasyny dünýäde dabaralandyrýan halkymyz üçin baýramçylyk ruhundaky çagyryş bolandygy barada giňişleýin we uly buýsanç bilen bellediler.

      Duşuşyga gatnaşanlar dana akyldaryň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Wepa ESENOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar