ÝAŞLAR – BEÝIK YNAMYŇ EÝELERI

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi etrap häkimligi bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Täsirli çykyşlara baý bolan bu dabarada çykyş edenler ajaýyp eseriň halkymyza gowuşmagy bilen gutladylar. Şeýle-de, çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly üstünliklere beslenendigini, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlara ilkinji ajaýyp kitabyny sowgat berendigini, bu taryhy wakanyň ýaşlarymyzyň begenç-buýsanjyny goşalandyrandygyny, täze ýeňişlere ruhlandyrandygyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat-dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde, eziz Diýarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem halkara derejesinde üstünlikli dabaralanýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Dabarada etrabyň medeniýet-sungat ussatlarynyň çykyşlary belentden-belent ýaňlandy. Oňa gatnaşanlar özüniň ajaýyp eserini sowgat beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Serdar ŞYHYÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar