Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy giňden öwrenmäge, dikeltmäge hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip, nusgalyk derejä ýeten milli däp-dessurlarymyz bu günki gün döwrebap öwüşgin alýar. Bu hem milli mirasymyzy öwrenmek, ata Watanymyzyň şan-şöhrata beslenen geçmişini älem jahana ýaýmak boýunça häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň şirin miwesini berýändiginiň mysalydyr.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi hem-de Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, şol okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Milli mirasymyz gymmatly genji-hazynamyzdyr» atly şygar bilen gezelenç çäresini geçirdi. Çärede talyp ýaşlar şöhratly taryhymyza degişli bolan dürli eksponatlar, maglumatlar, ýazgylar, arheologiki tapyndylar, fotosuratlar bilen tanyş boldular. Nesilden-nesle geçip gelýän milli kesp-kär, sungat eserleri, maddy we medeni gymmatlyklarymyz ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle gezelenç çäreleri ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýär.
Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz
şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.