KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

      Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi etrabyň bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde, etrapdaky orta mekdepleriň 8 – 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlaryň döredijilige, kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, «Meniň okan kitaplarym, indi okamaly kitaplarym» atly döredijilik bäsleşigini geçirdi. Bäsleşik gyzykly ýagdaýda geçip, ol ýatda galyjy pursatlara baý boldy.

      Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, 1-nji orna etrabyň 95-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Alişer Matýakubow, 2-nji orna etrabyň 58-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülgunça Döwletmyradowa, 3-nji orna etrabyň 32-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Selbi Berdiýewa dagylar mynasyp bolup, olar Ýaşlar Guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

 

Akjagül AMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar