EL HÜNÄRI – IL GEZER

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi etrabyň 13-nji orta mekdebinde halkymyzyň milli mirasyny wagyz etmek hem-de ony dowam etdirmegiň ähmiýetini ýaşlara düşündirmek, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerimize söýgi döretmek, ýaşlaryň halyçylyk, keşdeçilik, tikinçilik bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen, etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 9 – 11-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda «El hünäri – il gezer» ady bilen el işleriniň sergisini geçirdi. Bu sergä okuwçy gyzlar öz ýasan el işleri bilen gatnaşdylar hem-de şol wagtyň özünde ýerine ýetirip görkezdiler. Sergä hödürlenen eserler baý medeni mirasymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýän milli el işlerimiziň ýaşlara nusgalyk mekdep bolmak bilen, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň edep-terbiýesini, gylyk-häsiýetini özünde jemleýändigini subut etdi. Sergä gatnaşanlar ene-mamalarymyzdan bize miras galan milliligimizi dowam etdirmek üçin giň ýollary açyp beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

 

Serwi AMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar