Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli, «Arkadag hem Pyragy – köňülleriň şamçyragy» atly maslahat geçirdi. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda geçirilen bu maslahata bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamynyň wekilleri, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Täsirli çykyşlara giň orun berlen bu maslahatda çykyş edenler 2024-nji ýyla türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyraga bagyşlanandygy, ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynda kabul edilen Karara laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagynyň akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolandygy, şahyryň belent adynyň ýylymyzyň şygarynda berkidilmeginiň onuň edebi mirasyny, sarpasyny dünýäde dabaralandyrýan halkymyz üçin baýramçylyk ruhundaky çagyryş bolandygy, şu ajaýyp ýylyň şahyryň dürdäne şygyrlaryna teşne halkymyz üçin, onuň edebi mirasyny öwrenýän her bir şahyr, alym ýa-da islendik kärdäki adam üçin dana akyldaryň mirasyny ýene-de bir gezek içgin seljermegiň, ony dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmegiň aýdyň ýolunda anyk we netijeli ädim bolandygy barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Dabara gatnaşanlar dana akyldaryň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Mämmetjan BABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.