GÖROGLY ETRABYNDA ÝAŞLARYŇ KIBERMEDENIÝETI BOÝUNÇA OKUW-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI

       Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebinde bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda, okuw-amaly maslahatyny geçirdi. Ýaşlar bilen işleşmekde mugallymlaryň tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen guralan okuw-amaly maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Yhlas Bekjanow, Öwez Arazalyýew, Begmyrat Baýrambabaýew dagylar ýaşlaryň arasynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli pedagogiki maslahatlary bermek, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça alnyp barylýan işlere hem-de döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge, ýaşlaryň işi, okuwy we dynç alşy bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Esasan hem, çykyşlarda kibermedeniýet, «Dil guralmy ýa-da hünärmi?», «Kämilleşmek üçin 10000 sagat» ýaly temalarda gyzykly gürrüňler berdiler. Soňra okuw-maslahatynyň dowamy sorag-jogaplara ulaşyp, ýatda galyjy pursatlara beslendi.

       Biz – ýaşlar üçin okamaga, işlemäge, döretmäge taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar