ÝAŞ NESILLER DÖWLETIŇ SAÝASYNDA, MAŞGALAŇ AÝASYNDA

     Ýaňy-ýakynda şeýle mazmunly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hem-de Daşoguz welaýat Geňeşleri, “Daşoguz” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda okuw maslahatyny geçirdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli hem-de ýaşlaryň okuwy, işi, dynç alşy bilen baglanyşykly çäreleri geçirmek, şeýle-de, ýaşlaryň kibermedeniýetini baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilen bu okuw maslahatyna Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary gatnaşdylar. Okuw maslahatyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Magsat Otuzow alyp bardy. Onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Yhlas Bekçanow dagylar çykyş etdiler. Ýokary guramaçylyk derejesi bilen üpjün edilen bu okuw maslahatynyň özenini ýaşlaryň okuwy, işi, dynç alşy bilen baglanyşykly çäreler, kibermedeniýet, sanly ulgam, ondan ýerlikli peýdalanmak, ýaş nesilleriň we ýaşlaryň maglumat howpsuzlygy babatynda habardarlygyny ýokarlandyrmak dogrusyndaky giňişleýin we täsirli çykyşlar düzdi.

     Okuw maslahatyna gatnaşanlar ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagy, kämil şahsyýet bolup kemala gelmegi ugrunda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekleriniň töründen çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar